Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Ekologiýa dersi boýunça olimpiada geçirildi

06.11.2025

326

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Ekologiýa dersi boýunça olimpiada geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” hem-de Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerindäki tagallalara goşant hökmünde türkmen tarapy BMG-nyň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy strategiýasyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Ekologiýa dersi boýunça olimpiada geçirildi.

Ekologiýa dersi boýunça olimpiadanyň geçirilmegi, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmagy we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Ekologiýa dersi boýunça geçirilen olimpiada ýokary okuw mekdeplerinden 66 talyp gatnaşdy.

Olimpiada gatnaşyjylara ekologiýadan hödürlenen ýumuşlar test görnüşinde ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasynyň esasynda uniwersitetde döredilen guramaçylyk topary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Talyplaryň toplan ballary boýunça 39 sany zehinli talyplar ýeňiji boldular.

Gatnaşan talyplaryň ýerine ýetiren ýumuşlarynyň netijeleri emin agzalary tarapyndan seljerildi we barlanyldy. Eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda ýeňiji diýlip yglan edilen 39 sany zehinli talyp uniwersitetiň rektorynyň adyndan  1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

sanly@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.