Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIÝA ÇÄRELERI – WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR

08.11.2025

743

KÖPÇÜLIKLEÝIN EKOLOGIÝA ÇÄRELERI – WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GOŞANTDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni beýik ösüşlere we şanly wakalara beslenýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda geçirilýän Ahlihalk bag ekilişine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda bag ekiliş çäresi geçirildi.

Häzirki döwürde ýaş nesle döwrebap ekologik bilim we terbiýe bermekde, olarda kämil ekologik medeniýeti kemala getirmekde we ösdürmekde ýokary okuw mekdebinde ekologiýa bilen baglanyşykly geçirilýän bag ekmek we olara ideg etmek işlere aýratyn orun berilýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin miras goýmak Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydyr.

Ýokary okuw mekdebiň çägindäki baglara ideg etmek we agaç nahallaryny oturtmak bilen bagly geçirilen ýowar işleri talyplaryň ekologik bilimini artdyrmaga, olaryň ekologiýa babatda medeniýetliligini ösdürmäge we ýaş nesilde ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen täsin tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzda geçirilýän Ahlihalk bag ekilişine bagyşlanyp geçirilen bag ekiliş çäresi Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Rahymgeldi Rahmangeldiýew,

“Awtomobil ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address