Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Ýurdumyzda hasyl toýy dabaraly bellenildi

09.11.2025

697

Ýurdumyzda hasyl toýy dabaraly bellenildi

          Bu gün ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinli we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Häzirki döwürde Watanymyzyň özgertmeleriniň we gülläp ösüşiniň ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň abadançylygyny durmuş üpjünçilik şertlerini toplumlaýyn ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan dünýäniň okgunly ösýän ýurtlaryna öwrüldi. Çünki “Ýazky hereket-güýzki bereket” diýen pähimi döreden babadaýhan pederlerimiziň nesilleri bu topraga eden yhlasynyň, döken maňlaý derine laýyk hasyly bilen gelýärler. Çünki bu toý-daýhanlarymyzyň herekediniň berekede, maňlaý deriniň göwher-dürüne öwrülmeginiň toýy. Bu toý bolçulygyň we agzybirligiň toýy. Bu toý edermen daýhanlarymyzyň çekýän halal zähmetine döwletimiziň belent hormat sarpasynyň toýy.

          Ata-Watanymyz Türkmenistan ýurdumyzda her bir bellenilip geçirilýän toý-baýramlarynda biziň hem begenjimiziň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Döwletliler köşgüne her bir toý-baýramlarynda Şa sowgatlaryny ýollap durmaklary, biz ýaş nesilleri diýseň begendirýär. Olar biz hakyndaky aladany hiç hili unutmaýarlar. Her pursatlarda biziň hak-howandarlarymyzyň aladalary, Şa sowgatlary biziň kalbymyzda öçmejek şatlykly pursady döredýärler. Munuň üçin hak-howandarlarymyza tüýs ýüregimizden sagbolsun aýtýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömürleriňiz uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleriňiz diňe üstünliklere beslensin.

BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan

 Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň

 okuwçysy Saparmyradow Aýdyň

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address