
News
394

Bu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şu çäreler mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebinde bag ekmek we ekilen baglara ideg etmek işleri giň gerimde geçirildi. Bu işlere nekdebiň mugallymlary we okuwçylar işjeň gatnaşdylar.
«Paýhas çesmesi» kitabynda, «Miweli bagyň başy aşak», «Bag timarsyz bolmaz», «Agajy ýaşlykdan bük», «Ýüz düýp agaç eken oduna gitmez», «Bag ekmedik kölegede saýalamaz» diýen nakyllar bar. Bu nakyllarda beýan ediliişi ýaly, bag ekmek adam saglygyna oňaýly täsir edýär, adam daş-töwereginiň gözelliginden dynç alýar, şatlanýar, ruhy lezzet alýar, ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda zähmete bolan söýgi terbiýelenýär.
Ilatly ýerlere baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Milli tokaý maksatnamasy tokaý hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ulgamynda döwlet syýasatyny kesgitleýän esasy resminamadyr. Bu maksatnama tokaýlary durnukly dolandyrmaga, olary gorap saklamaga, ekologik we ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Maksatnama ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertlerini we tebigy ekoulgamynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, birnäçe beýleki çäreleri hem göz öňünde tutýar.
Güljahan AMANOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”
orta sport mekdebiniň mugallymy