Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Halkara ylmy-amaly maslahat netijeli jemlendi

11.11.2025

340

Halkara ylmy-amaly maslahat netijeli jemlendi

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Oba hojalyk, Bilim ministrlikleri bilen bilelikde guramagynda «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Latwiýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Malaýziýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hyzmatdaşlyk edýän ugurdaş ylym-bilim ojaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan ýurdumyzyň obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň, oba hojalyk ylymlarynyň dürli ugurlary, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça ylmy taslamalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Onda Hasyl toýy mynasybetli Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy-taslama sergi bäsleşigine hödürlenen işler görkezildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde, Hasyl toýunyň bosagasynda «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi we onda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu maslahat azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şertleriniň biri hasaplanýan agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşini gazanmagyň ylmy esaslary, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ugurlary hakynda pikir alyşmaga giň mümkinçilikleri döretdi.

Soňra maslahat «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly 3 bölümçede dowam etdi. Olarda nygtalyşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalary obasenagat toplumyny durnukly ösdürmegiň wezipeleri bilen berk baglanyşyklydyr. «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar şeýle uly üstünlikleriň, öňdengörüjilikli oba hojalyk özgertmeleriniň başynda duran hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

sanly@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.