Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINI TAMAMLAÝAN UÇURUMLARYŇ ARASYNDA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇRILDI

14.11.2025

401

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETINI TAMAMLAÝAN UÇURUMLARYŇ ARASYNDA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇRILDI

2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde tamamlaýan uçurumlaryň arasynda zähmet kanunçylygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary boýunça Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň iş üpjünçiligini we durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýändigini bellediler. Ýaşlaryň zähmetini netijeli peýdalanmak döwrüň wajyp meselesi bolup, ol ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, hünär bilimini bermek we iş bilen üpjün etmek ýaly görkezijileriň ylmy taýdan seljerilmegini hem-de öwrenilmegini talap edýär. Çykyşlarda jemgyýetiň işjeň topary hasaplanýan ýaşlary hünär taýdan taýýarlamak, ýaş hünärmenler üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatda uly tagallalar edilýändigi bellenilip, ýaşlaryň jemgyýetde syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşdedigi hem-de durmuş-demografik ýagdaýlaryň emele gelmeginde aýratyn orun tutýandygy nygtaldy.

Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde durmuşa geçirýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address