Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Ýaş zehinleriň halkara üstünliginiň nobatdaky ykrarnamasy

14.11.2025

533

Ýaş zehinleriň halkara üstünliginiň nobatdaky ykrarnamasy

    2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde şu ýylyň 6–9-njy noýabry aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Bali şäherinde geçirilen “WYPO 2025” atly ýaş fizikaçylar Halkara olimpiadasyna gatnaşan Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplaryny hem-de Panama Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “FIRST GLOBAL CHALLENGE 2025” atly Halkara robot tehnologiýalary bäsleşigine gatnaşyp, ýeňiş gazanan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy boldy.

Häzirki döwürde halkara derejeli okuw maksatnamalary, okatmagyň innowasion tehnologiýalary, sanly bilim programmalary boýunça umumybilim we ýokary okuw mekdeplerinde okaýanlar dürli bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Munuň aýdyň mysaly bolan şu günki dabaraly duşuşyklar bizi diýseň begendirýär. Ýeňiş gazanan talyplarymyzyň we okuwçylarymyzyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny göterip, ýurdumyzy şöhratlandyrandygyna diýseň buýsanýarys. Bularyň ýeňişleri Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişliginde mynasyp orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Agzalan bäsleşigiň ýeňijileri — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäriniň 4-nji ýyl talyby Musa Artykow (baş baýraga, altyn medala mynasyp bolan), 5-nji ýyl talyby Kerim Çerkezow (altyn medala mynasyp bolan), 2-nji ýyl talyby Dawut Alibaýew (kümüş medala mynasyp bolan), 1-nji ýyl talyby Mähriban Kakamyradowa (kümüş medala mynasyp bolan), 2-nji ýyl talyby Arslan Jumaýew (bürünç medala mynasyp bolan), 4-nji ýyl talyby Aýşat Saparowa (bürünç medala mynasyp bolan); paýtagtymyzdaky dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary Ysmaýyl Çaryýewe, Emirhan Gylyçmuhammedowa, Aznawur Çolukowa, Şirmuhammet Gulowa we Gurbangeldi Orazgeldiýewe Bilim ministrliginiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Mekdep okuwçylarymyzyň we talyp ýaşlaryň bu abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky yzygiderli aladalarynyň, hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselelerine berýän hemişelik ünsüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda gazanylan nobatdaky netijeleridir.

                                Aşyrgeldi ATAÝEW, 

“Bilim” ylmy-usuly 

                                                                 žurnalynyň bölüm redaktory.

                                                                 Surata düşüren Ahmet Türşekow.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address