Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Gyzykly geçen bäsleşik

18.11.2025

903

Gyzykly geçen bäsleşik

        Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň esasynda türkmen döwleti goňşy döwletler bilen ylalaşykda, parahatçylyga, dost-doganlyga sarpa goýup ýaşamaga we deňhukukly gatnaşyklary saklamaga, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýetip gelýän Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli bilim işgärleriniň arasynda bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

       18-nji noýabrda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Kärdeşler Arkalaşygynyň Balkan welaýat birleşmesi we welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi bilen bilelikde welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň arasynda “Bitaraplyk-buýsanjym” atly okuw-görkezme esbaplarynyň sergi bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Oňa şäheriň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. 

      Balkanabat şäheriniň bilim edaralarynyň işgärleri sergi bäsleşigine diýseň gowy taýýarlanypdyrlar. Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalarynyň çykaran netijesi esasynda, umumybilim berýän orta mekdepleriniň arasynda Balkanabat şäheriniň 3-nji, 17-nji, 6-njy, 24-nji orta mekdepleri, mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça Balkanabat şäheriniň 39-njy, 38-nji, 15-nji çagalar bakja baglarynyň taýýarlan sergileri aýratyn tapawutlanyp bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Tapawutlanan öňdebaryjy bilim işgärlerine welaýat Baş bilim müdirliginiň we kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşmesiniň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

       Hemişelik Bitaraplyk ata Watanymyzyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Döwletimiziň sarsmajak, synmajak Bagtyýarlyk we rowaçlyk sütünidir.

       Dünýäde parahatçylykly gatnaşyklaryň kemala gelmegini maksat edinýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömri uzak, il bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaç bolsun!

Hemra Täçgylyjow,

Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy,

taryh ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäri.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address