Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Sanly bilim

Türkmen wekiliýeti Hytaýda «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti boýunça geçirilen ylmy-amaly maslahata gatnaşdy

19.11.2025

788

Türkmen wekiliýeti Hytaýda «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti boýunça geçirilen ylmy-amaly maslahata gatnaşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Nimbo şäherindäki Politehniki uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti, onuň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, tejribeleri paýlaşmak, teklipleri seljermek, öwrenmek bilen bagly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp-mugallymlary wekilçilik etdi. Şeýle-de Gazagystan, Täjigistan, Ermenistan, Belarus Respublikalaryndan wekiller gatnaşdylar. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bir hepde dowam eden maslahatda halkara hünär bilimi taslamasy bolan «Lu Ban ussahanasynyň» mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Bu taslama 2016-njy ýylda Hytaýda döredildi we ýokary bilimli hünärmenleri kämilleşdirmekligi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagy we ornaşdyrmagy, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, öz hünär başarnygyňy ösdürmegi, täze pikirler, seljermeler bilen baýlaşdyrmagy hem pugtalandyrmagy baş maksat hökmünde öňe sürýär.

Çäräniň dowamynda Hytaýyň ylym-bilim işgärleriniň hem-de myhmanlaryň çykyşlary diňlenildi, özara pikir alşyldy, duşuşyklar geçirildi.

Ýokarda agzalan taslama Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem döredilýär. Häzirki wagtda «Lu Ban ussahanasynyň» binasynyň düýpli abatlaýyş işlerini has çaltlandyrmak maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýardam etmeginde, şertnama esasynda, düýpli abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-daky halkara hünär bilimi taslamasy Türkmenistanda ilkinji gezek döredilýär hem-de hususan, nebit inženerçiligi we tehnologiýalary, maglumat tehnologiýalary, nebiti, gazy daşamak ýaly ugurlara gönükdiriler.

Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address