
News
204

2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda “Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz!” atly aýdym-sazly dabarasy geçirildi.
Ajaýyp taryhy sene – hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy merdana ata-babalarymyzyň parahatçylykly durmuş, agzybir ýaşaýyş baradaky asyrlarboýy ýüreklerinde beslän arzuw-islegleriniň hasyl bolandygyny beýan edýär. Bu buýsançly wakalar bütin türkmen halkynda ruhubelentlik döredýär. Bu asylly ýörelgä talyp ýaşlaryň hem mynasyp goşant goşýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň “Işewürler” döredijilik toparynyň talyp ýaşlarynyň çykyş etmeginde eziz Watanymyzyň abadançylygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň buýsanjyny, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk binýadyny beýan edýän aýdym-sazlar, şygyrlar hem-de tanslar ýerine ýetirildi.
“Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz!” atly aýdym-sazly dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän, türkmen halkynyň her bir gününi toý-baýrama besleýän, ylym-bilim babatda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.