Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en
slogan

neutrality.gov.tm

News

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Ýaş telekeçileriň ykdysady bähbitli täze taslamalary

01.12.2025

201

Ýaş telekeçileriň ykdysady bähbitli täze taslamalary

        2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda Maglumat tehnologiýalary hem-de Azyk howpsuzlygy ugry boýunça yglan edilen “Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy” atly startap bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

       Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde geçirilmegi zehinli ýaşlary telekeçilik işewürligine, döredijilik gözleglerine ruhlandyrmaga, ýurdumyzda eksportyň möçberini artdyrmaga we importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini gurnamaga, eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşine goşant goşmaga çagyrmakdan ybaratdyr.

        Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda innowasion pikirleriň aýratyn awtorlary bolan startaperler özleriniň täze taslamalaryny ýörite guramaçylyk toparlarynyň hem-de emin-agzalaryň öňünde prezentasiýaly açyk çykyşlar arkaly goradylar. Ýaş telekeçileriň hödürlän ykdysady bähbitli täze taslamalary talyp ýaşlary telekeçilik işjeňligine höweslendirmäge, jemgyýetde amaly peýda getirip biljek täze ideýalary ýüze çykarmaga ýardam berer.

         Bu çärä gatnaşyjylar jemleýji tapgyryň ahyrynda Garaşsyz Watanymyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmaga, önüm bolçulygynyň üpjün edilmeginde, milli haryt nyşanly önümlerimiziň dünýä bazarlaryna çykarylmagynda ägirt uly mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.  

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.