
News
212

2025-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda Maglumat tehnologiýalary hem-de Azyk howpsuzlygy ugry boýunça yglan edilen “Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy” atly startap bäsleşiginde ýeňiş gazanan ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda emin toparyň agzalary hem-de ýaş telekeçiler ylym-bilim babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, talyp ýaşlaryň okamagyna, döretmegine, gurmagyna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini buýsanç bilen öz çykyşlarynda beýan etdiler.
Ýaşlaryň arasynda Maglumat tehnologiýalary ugry boýunça yglan edilen “Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy” atly startap bäsleşigine Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp ýaşlary hem gatnaşyp, “Platforma arkaly ýeňil töleg amala aşyrmak” atly täze innowasion pikirli taslamasyny hödürläp, ýaş telekeçileriň arasynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyplary Hudaýnazarow Merdan, Abduloýew Berdimyrat III orna mynasyp bolup gymmat bahaly sowgat bilen sylaglandylar. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby Begaliýew Gaýrat bolsa, höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.
© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.