
News
552

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda, has takygy, 4-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) arasyndaky özara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan hem-de köpçülikleýin neşir edilen «Mekdebe çenli çagalar edaralary üçin klimatyň üýtgemegi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmäge bolan uýgunlaşma boýunça okuw maksatnamasy we usuly maslahatlar» atly okuw-usuly gollanmadan (awtorlary: M.Haýkin, W.Danilçenko, S.Durdyýew) netijeli peýdalanmak maksady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň jogapkär wekilleri, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Ahal welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän pedagogik işgärler, şeýle hem ýurdumyzyň mugallymçylyk ugurly orta we ýokary hünär mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Belli bolşy ýaly, klimatyň üýtgemegi Ýer ýüzünde global meseleleriň biri hasaplanylýar. Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak, ýaş neslimiziň ekologiýa medeniýetini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Işjeň usulda geçirilen okuw maslahatynda okuw-usuly gollanmanyň awtory, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory S.Durdyýew mekdebe çenli çagalar edaralary üçin bu okuw-usuly gollanmanyň taýýarlanylmagynyň maksady, wezipeleri, garaşylýan netijeler,i sapaklary usuly taýdan dogry guramagyň ýollaryny nazary we ylmy taýdan esaslandyryp, giňişleýin usuly maslahatlary berdi.
Okuw maslahatynda gatnaşyjylar bilen klimatyň üýtgemeginiň öňüni almak, onuň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçiliklere taýýarlygy artdyrmak, körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda okuw prosesini talabalaýyk we döredijilikli guramak hem-de täzeçe çemeleşmek babatynda toparlaýyn işler guraldy.
«Mekdebe çenli çagalar edaralary üçin klimatyň üýtgemegi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmäge bolan uýgunlaşma boýunça okuw maksatnamasy we usuly maslahatlar» atly okuw-usuly gollanma klimatyň üýtgemegi we onuň getirýän netijelerine uýgunlaşmak bilen baglanyşykly bolan zerur bilimleriň başlangyç esaslaryny körpelere öwretmekde terbiýeçiler üçin peýdaly gollanma bolup hyzmat eder.
Maral Gulnazarowa,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň
mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary
çagalar edaralary bölüminiň esasy hünärmeni
© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.