
News
235

2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda – Ýaşlar maslahatynyň we BMG-niň klimatyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Maslahatynyň 29-njy sessiýasynyň öňüsyrasynda, Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanan Ýaşlar maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjy wekilhanasy, Azerbeýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guraldy.
Maslahat welaýatyň ähli künjeklerinden gelen ýaşlary bir ýere jemläp, olara ekologik meselelere degişli wajyp sowallara jogap tapmaga hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşe gatnaşmaga mümkinçilik döretdi.
Çärä 17-35 ýaş aralygyndaky raýatlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri, eko-işjeňler, talyplar, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalaryň, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda topragy we biodürlüligi goramaga, suw resurslaryny rejeli peýdalanmaga, çölleşmegiň derejesini peseltmäge, Aralýaka türkmen sebitiniň tebigy baýlyklaryny durnukly ulanmaga, Daşoguzyň tebigy zonalaryny we seýrek duş gelýän görnüşlerini gorap saklamaga, sebitiň ekoulgamynyň degradasiýasyny dikeltmäge, howanyň üýtgeýän şertlerinde oba hojalygynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we oba hojalygyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işçi toparlaryň ekspertleri we utgaşdyryjylary duşuşygyň maksadyny we ondan garaşylýan netijäni düşündirdiler. Çäräniň ahyrynda sessiýadaky temalaryň esasynda her bir topar Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň deslapky görnüşi üçin teklipleri taýýarladylar.
Jemleýji sessiýada işçi toparlaryň ýolbaşçylary işiň netijesini görkezdiler we Türkmenistanyň adyndan Ýaşlar beýannamasynyň ýol kartasyna girizmek üçin anyk çäreleri teklip etdiler.
Howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen Ýaşlar maslahaty global ekologiki meselelere garşy göreşe gönükdirilen düşünjeleri, pikirleri we maksatnamalary paýlaşmak üçin möhüm platforma öwrüldi. Bularyñ ählisi Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere çynlakaý garaýandyklaryny hem-de ony çözmeklige işjeň gatnaşýandyklaryny görkezýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Ýaşlar syýasaty bölümi.