Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en
slogan

neutrality.gov.tm

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

TÜRKMENISTANDA GENDER SYÝASATY DABARALANÝAR

12.12.2025

635

TÜRKMENISTANDA GENDER SYÝASATY DABARALANÝAR

Beýik Garaşsyzlyk, Bitaraplygymyz halkymyzyň kalbyna nur bolup doldy, ýurdumyzy beýik ösüşlere, buýsançly geljege atardy.

Bäşmüňýyllyk taryhynyň dowamynda bolşy ýaly, halkymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligini saklap gelýär. Ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetinde zenanlara aýratyn sarpa goýlupdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Diýarymyzda zenanlaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

   Türkmen topragynda toýlar goşa-goşadan gelýärler. Ynha, sanlyja günden hem Türkmenistan döwletimiz öz Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny dabaraly ýagdaýda belläp geçmäge taýýarlyk görýär, bu şanly baýramçylygymyzyň öňüsyrasynda, ýagny 9-10-njy dekabrda biz Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýene bir uly baýramçylygyň, toýuň şaýady bolduk. Gojaman Hazaryň kenarynda döwletimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýän we dürli döwletlerden gelen zenanlar « Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.

   “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy soňky ýyllarda birnäçe halkara çäreleri üstünlikli geçirip, abraýly maslahatlar üçin ynamly merkez derejesine çykdy. Bu ýerde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelmegi forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ähmiýetlidir.

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Diýarymyzda zenanlaryň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Hä­zir­ki dö­wür­de gen­der deň­li­gi, jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ryn­da er­kek­ler bi­len deň esas­da gat­naş­mak ba­ra­da­ky dü­şün­je­ler wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe bol­mak bi­len, ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­dä­ki ornuny has ýo­ka­ry derejä çykar­ýarlar.

   Zenanlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Şol bir wagtyň özünde, olar mähriban ene, wepaly ýanýoldaş, maşgala ojaklarynyň eýeleridir. Täze taryhy döwrüň döredilmegine işjeň gatnaşýan zenanlaryň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmeginde eýeleýän orny hem barha artýar.

     Döwlet tarapyndan gelin-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Bu ugurdaky anyk tagallalara halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýär.

  Forumyň dowamynda edilen çykyşlar, pikir we tejribe alyşmalar hem-de hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder. Bu bolsa öz gezeginde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde  halkara hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşmegine itergi berer.       

         Türkmen zenanlaryň bilim ulgamynda, çagalary terbiýelemekde gazanan ýokary netijeleri, Berkarar Watanymyzyň şu güni we ertiri bolan edepli, kämil bilimli nesillerimizi kemala getirmäge gönükdirilendir.       

   Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda, ähli bilim edaralary bilen bir hatarda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli derejelerinde bilim berlişini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

 Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin has amatly şertleriň döredilmegi, döwrebap bilim edaralarynyň gurulmagy, olaryň häzirki zaman okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilmegi, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň  kämilleşdirilmegi aýratyn bellenmä-ge mynasypdyr. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, milli  bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde, ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Bilim ulgamynyň, has hem mekdebe çenli bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we pedagoglarynyň aglabasy zenanlar bolup durýarlar. Bilimiň ilkinji basgançagy bolan çagalar bagynyň bosagasyna gelen körpäni aýratyn ene ýüreginiň mähir-muhabbeti bilen gurşamak, olara talabalaýyk bilim we terbiýe bermek, durmuş ýoluna itermek hem biz zenanlaryň paýyna düşýär. Biz bu paýyň eýesidigimize guwanýarys we buýsanýarys.

   Zenanlarabolan mähirli garaýyş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň      Galkynyşy döwrüniň asylly aýratynlyklarynyň biridir.

Şu ajaýyp pursatda Siziň ähliňizi şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen tuýs ýürekden gutlaýaryn!

    Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!  Il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!

 

M.Pirliýewa

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim

bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.