Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en
slogan

neutrality.gov.tm

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Bilim ulgamynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň täze gözýetimleri

12.12.2025

695

Bilim ulgamynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň 
täze gözýetimleri

Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Biraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Aň-bilim ministri D.Kendirbaýewa bilen  duşuşygy geçirildi. Duşuşykdan öň myhman bu ýerde guralan halkara sergi bilen, hususan-da Bilim ministrliginiň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň pawilýonlarynda  Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan köptaraplaýyn özgertmeleriň netijeleri bilen içgin tanyşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Bilim ministri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän bilim özgertmeleri, orta mekdeplerde 12 ýyllyk möhlete geçilmegi, ýaşlara döwrüň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, bilim işini kämilleşdirmek, ýaşlary ylma we döredijilige ugrukdyrmak, ylmyň innowasion gazananlaryny we kämil tehnologiýalaryny okuw işine işjeň ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin beýan etdi.  

Duşuşygyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri D.Ş.Kendirbaýewa Awazada hem-de paýtagtymyzda geçirilýän çärelere gatnaşmagynyň dowamynda özünde galdyran ýakymly täsirleri, bu çäreleriň örän ýokary derejede guralandygy barada aýtdy. Myhman Gyrgyz Respublikasynda hem şu okuw ýylyndan 12 ýyllyk okuw maksatnamasyna geçilendigini aýdyp, Türkmenistanda bu tejribäniň 2013-nji ýylda ornaşdyrylandygyny göz öňünde tutup, bu ugurda toplanan tejribäni öwrenmeklige gyzyklanma bildirýändigini belledi. Myhman bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak we giňeltmek maksady bilen:

  • hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny esaslandyrmak üçin bilim babatda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak;
  • 12 ýyllyk okuw maksatnamasyna geçmegiň tejribesini giňişleýin öwrenmek we öz ýurdunda ornaşdyrmak maksady bilen gyrgyz tarapynyň wekiliýetini Türkmenistana ibermek;
  • Türkmenistanda milliligiň saklanylyşynyň tejribesini öwrenmek;
  • pedagogik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek;
  • bilelikde okuw gollanmalaryny, milli gymmatlyklarymyz (türkmen alabaýy, atlar, halylar, milli tagamlar) barada eserleri taýýarlamak boýunça teklipleri hödürledi.

Bu teklipler boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak oňlanyldy. Duşuşykda Bilim ministri ýurdumyzda her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Halkara matematika olimpiadasyna myhmany hem-de Gyrgyz Respublikasyndan okuwçylary, şeýle hem oktýabr aýynda geçirilýän halkara sergisine we ylmy maslahatyna, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda açylmagyna garaşylýan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5000 orunlyk täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gyrgyzystanly kärdeşini hem-de goňşy döwletiň bilim işgärlerini we professor-mugallymlaryny işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk uly höwes bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

umumy orta bilim bölümi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.