
News
358

Italiýa Respublikasynyň Turin şäherinde 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-4-i aralygynda geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa bilim gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamasynyň çäginde sebitleýin maslahatyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň wekillerinden düzülen wekiliýet gatnaşdy.
Sebitleýin maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýada başarnyklary öwrenmegiň, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda esaslandyrylan bilim bermegiň we olary bahalandyrmagyň amallary hakynda, resmi we resmi däl bilim usulyýeti öwrenmegiň aýratynlyklary barada çykyşlar edildi.
Ýewropa bilim gaznasynyň halkara bilermenleriniň çykyşlary netijesinde hünär başarnyklarynyň ykrar edilmegi bilen bagly birnäçe tejribeler mysallar arkaly öwredildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynda taýýarlanan hünär standartlarynyň taslamalaryna garaldy, birnäçe teswirler berildi, taslamada görkezilen talaplar netijesinde okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmegiň ýollary barada italýan we fransuz usulyýetleriniň birnäçesi barada aýdyp berdiler. Italiýada (milli derejede), Italiýanyň Pýemont sebitinde (sebit derejesi) we Fransiýada hünär derejelerini işläp düzmek, dolandyrmak we hasaba almak tejribeleri bilen tanyşdyryldy.
Maslahat Turin şäherinde ýerleşýän “Toolbox” işewürlik-bilim merkezinde geçildi, şeýle hem, “Atlante del Lavoro e delle qualificazioni” ady bilen zähmet atlasy hakynda, INAPP – atly seljerme instituty hakynda, “France Compétences” guramasynyň hünär kwalifikasiýalary hakynda we “AFPA” atly hünär bilimi öwretmekde fransuz agentliginiň işi bilen bagly halkara bilermenleriň çykyşlary gurnaldy.
© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.