Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en
slogan

neutrality.gov.tm

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“Hakyda göwheri”: Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy

25.12.2025

1087

“Hakyda göwheri”: Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy

Aşgabat, 22-nji dekabr | ORIENT. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Diplomatlary, iki ýurduň alymlaryny we parlamentarilerini bir ýere jemlän bu çäre, bilelikdäki ynsanperwer taslamalardan Merkezi Aziýada täze howpsuzlyk arhitekturasyna çenli Aşgabat bilen Bakuwyň arasyndaky dialogyň işjeňleşýändigini tassyklady.

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gazalow öz çykyşynda iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky ynamyň ýokary derejesini nygtap, birnäçe möhüm beýanaty etdi. Ilçi, hususan-da, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkentde geçirilen sammitde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde kabul edilmeginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ornuny nygtady. Bu taryhy waka hakykat ýüzünde sebitleýin hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeldýär.

CVbH0QCmmXQEsq0feWvPBLlNqeTS2P-1500x800.jpg

Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan metjidiň gurluşygy bellenildi. Şäheriň ýaşaýjylary bu ynsanperwer işi “umumy gymmatlyklara aýratyn hormat goýmagyň nyşany” diýip atlandyrdylar.

Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi bellenildi. Bu bolsa ynsanperwer hyzmatdaşlygynda täze sahypany açýar.

“Bu eser diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem tutuş türki dünýäsi üçin ruhy hazyna öwrülen paýhas çeşmelrini öz içine alýar” – diýip, Ilçi Gismat Gazalow aýtdy.

5IdQYcbPhk3CDjRfvBqBFmPMVH7iXH-1500x800.jpg

ürkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa eseriň ylmy taýdan gymmatlygyna ünsi çekdi. Türki medeniýetiň we mirasyň halkara gaznasynyň goldawy bilen terjime edilen kitapda Türkmenistan gadymy siwilizasiýalaryň ojagy hökmünde görkezilýär.

hakyda-gowheri-presentation-turkmenistan-azerbaijan (3).jpg

Kitap Türkmenistanyň häzirki zaman bitaraplyk ýörelgesiniň onuň milli taryhy we ruhy mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär. Kitapda öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň gadymy döwürlerde sebitde kemala gelendigi baradaky özboluşly maglumatlar bar.

hakyda-gowheri-presentation-turkmenistan-azerbaijan (6).jpg

Azerbaýjan dilindäki “Hakyda Göwheri” neşiri – bu diňe bir terjime däl. Bu tanyşdyryşa gatnaşyjylaryň pikiriçe, gatnaşyklary häzirki wagtda “iň ýokary syýasy derejä” ýeten iki doganlyk halkyň arasyndaky çuňňur dialoga çakylykdyr. Azerbaýjan okyjylary üçin bu kitap türkmen bitaraplygyň ýörelgelerine we oguz mirasynyň baý taryhyny düşünmek üçin açar bolar.

Çeşmesi:Orient

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.