Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en
slogan

neutrality.gov.tm

News

Sanly bilim

Täze ýylyňyz gutly bolsun!!!

30.12.2025

343

Täze ýylyňyz gutly bolsun!!!

Gahryman Arkadagymyz Sizi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tutuş türkmen halkyny özüniň täze umytlary, maksatnamalaýyn tutumlary we belent sepgitleri bilen bosagamyzdan ätleýän— 2026-njy ýyl bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şanly wakalara, üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyňbilim ulgamyny ösdürmek, bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary okuw amalyýetine ornaşdyrmak ugrunda döwlet ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.

Şu baýramçylyk günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen mähirli gutlaýarys! Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň saýasynda bilim ulgamynyň işgärlerine döredilýän giň mümkinçilikler, ýaşlarymyzyň dünýäniň iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryna erk etmegi üçin durmuşa geçirilýän özgertmeler biziň geljegimize bolan ynamymyzy has-da berkidýär.

Biz Innowasiýa maglumat merkeziniň işgärleri bolup döwrebap bilim usullaryny kämilleşdirmek ugrunda uly maksatlara tarap ýöreýäris. Täze 2026-njy ýylda amala aşyrjak ylmy-pedagogik gözlegleriňiziň netijeli bolmagyny, sanly bilim platformalarynyň has-da baýlaşmagyny we ýaş nesilleriň ylymda gazanjak ýeňişleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýäris.

Goý, Täze ýyl her bir türkmen ojagyna rysgal-bereket, maşgala agzybirligini we egsilmez şatlyk-şowhun getirsin!

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Siziň janyňyz sag, ömrūňiz uzak, belent başlaryňyz aman bolsun! Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda uly dabaralar bilen garşy alynýan 2026-njy ýylyň eziz Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň işgärleriniň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Innowasiýa maglumat merkezi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.