
News
527

2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Arkadag şäher bilim müdirliginiň guramagynda 2025-2026-njy okuw ýylynyň gyşky dynç alyş günlerinde mekdep okuwçylary bilen geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine hem-de Aşgabat şäherindäki Türkmen halysynyň milli muzeýine medeni gezelençler guraldy. Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de degişli mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji günlerinde geçirilen medeni gezelençler gyşky dynç alyş möwsüminiň çagalaryň aňynda gyzykly hem-de ýatda galyjy pursatlara beslenmegini üpjün etdi.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi milli mirasymyzyň taryhy-arheologiki gymmatlyklaryny özünde jemleýän muzeýleriň biridir. Muzeýde ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň ähli döwürlerini görkezýän gymmatly tapyndylara, hem-de taryhy ýadygärlikleriň kiçeldilen nusgalaryna giň orun berlipdir. Ýeri gelende bellesek, muzeýiň QR-kod hyzmatynyň üsti bilen onuň ekspozisiýasynda ýerleşdirilen her bir gymmatlyk barada giňişleýin maglumaty bilmäge mümkinçilik bar. Muzeý gezelenjiniň dowamynda çagalar muzeýiň ekspoziýa bölümlerine uly gyzyklanma bilen aýlandylar. Bu gezelenç türkmen halkynyň baý taryhyny öwrenmekde, çagalarda watansöýüjilik duýgularynyň kemala gelmeginde ähmiýetli boldy.
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine guralan gezelenç hem täsirliligi bilen tapawutlandy. Bu ýerde çagalar sirk ussatlarynyň gyzykly görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler. Türkmen atly jigitleriniň görkezme çykyşlary bolsa olarda türkmen halkynyň behişdi bedewlerine bolan söýgini oýarmakda netijeli häsiýete eýe boldy.
Haly – türkmen halkynyň milli buýsanjy. Türkmen gelin-gyzlarynyň, mährem eneleriň el zähmeti, gözüniň nury bolan halylar we halyçylyk sungaty asyrlar aşyp häzirki günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär. Aşgabat şäherinde ýerleşýän asyrlaryň ýaňyny özüne siňdiren Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan medeni gezelenje gatnaşan okuwçylar dünýäde seýrek duş gelýän şeýle mirashana bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Muzeýiň hünärmenleri okuwçylara türkmen haly sungatynyň taryhyna degişli gymmatly maglumatlary berdiler hem-de olara türkmen halyçylarynyň elinden çykan seýrek nepis halylary görkezdiler.
Jemläp aýdanymyzda, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi tarapyndan guralan bu günki medeni gezelençler çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de baý many-mazmunly geçirmeklerinde ähmiýetli boldy.
Arkadag şäheriniň bilim müdirligi
© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.