Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan
Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en
slogan

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

 Usuly-amaly maslahat geçirildi

08.01.2026

855

 Usuly-amaly maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek, ylymly, bilimli, giň dünýä garaýyşly, watan söýüji, hünärli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesli kemala getirmek, okatmagyň häzirki zaman usullaryny iş tejribä ornaşdyrmak babatda ýerine ýetirilmeli işleri hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek we ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 5-7-nji ýanwary aralygynda pedagogik işgärleriň etrap usuly-amaly okuwlary, 8-nji ýanwarda etrap maslahatlary “Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr” diýen şygar bilen geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, mekdepden daşary bilim edaralarynyň bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaklaryna, hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açyldy, ähli zerur şertler döredildi.

Usuly-amaly okuwlarda öz kärine ussat, tejribeli, okuw- terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän Ahal welaýatynyň Baş bilim müdirligine degişli bolan hünärmenleriniň, etrap bilim bölümleriniň hünärmenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli boldy.

Usuly-amaly maslahatyň öňisyrasynda şeýle-de döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, pedagogik işgärleriň iş tejribesi boýunça sergiler gurnaldy.

Usuly-amaly okuwlarda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), bilim ulgamyna degişli kabul edilen Konsepsiýalara, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Ahal welaýat bilim müdirligi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.