Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY NUSGALYK KITABYNY OKUW-TERBIÝEÇILIK IŞINDE PEÝDALANMAGYŇ USULLARYNA BAGYŞLANAN YLMY-USULY MASLAHAT GEÇIRILDI

28.01.2026

1048

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ “TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY” ATLY NUSGALYK KITABYNY OKUW-TERBIÝEÇILIK IŞINDE PEÝDALANMAGYŇ USULLARYNA BAGYŞLANAN YLMY-USULY MASLAHAT GEÇIRILDI

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan­ – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip başlanan 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde “Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy– parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabyny okuw-terbiýeçilik işinde peýdalanmagyň usullary” atly ylmy-usuly maslahat ýokary guramaçylykly geçirildi. Bu ylmy-usuly maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimligi gurady. Oňa Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlary we ylmy işgärleri,  Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň wekilleri, Gökdepe etrap bilim bölüminiň ýolbaşçylary, hünärmenleri we bilim-terbiýeçilik edaralarynyň mugallymlary gatnaşdylar. Şeýle hem olar mekdepde geçirilýän tebigy  ylmy ugra degişli okuw dersleri boýunça geçirilýän hepdeligiň çäginde ýaýabaňlandyrlan sergä, onda mekdep okuwçylarynyň taýýarlan döredijilik işlerine tomaşa etdiler. Mundan başga-da Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkagadaly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan dörän nusgalyk kitaplarynyň sergisi bilen tanyşdylar.

Ylmy-usuly maslahaty TMBI-niň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.Durdyýew açdy we giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ylmy-usuly maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda beýan edilen:  “Eliňizdäki bu kitap – eziz halkymyzyň beýik häsiýetleriniň hem-de onuň guwançly netijeleriniň bir beýany. Türkmenleriň parahatçylyk söýüjiliginiň taryhy kökleri, halkymyzyň belent häsiýetleri we ahlak düşünjeleri, medeniýetde, sungatda, durmuş ýörelgelerinde parahatçylygyň keşpleri, Türkmenistanyň häzirki zaman Bitaraplygyň döwlet syýasaty hökmünde kemala gelşi hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirilişi, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky orny, şeýle-de geljegi bilen tanyşmak isleseňiz, bu kitap size ýolgörkeziji bolup biler” diýen sözlerine çekdi. Bu nusgalyk kitabyň ýaş nesli terbiýelemekdäki uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtap belledi.

Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri O.Matalowanyň, şol institutyň, Zähmet we hünär bilim bölüminiň esasy ylmy işgäri A.Täçliýewiň, Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň uly ylmy işgäri B.Çaryýewanyň, Jemgyýetçilik bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri T.Annakulyýewanyň şeýle hem öňdebaryjy baý iş tejribesi bolan mekdep mugallymlary – Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy G.Guwanjowanyň hem-de Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň türkmen dili wee edebiýaty mugallymy N.Möwlamowanyň çykyşlary diňlenildi.

Çykyş edenler Döwlet Baştutanymyzyň bize peşgeş beren bu nusgalyk kitabyny ýaş nesilde watansöýüjiligi, türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden ajaýyp gymmatlyklaryna, milli mirasymyza buýsanjy we guwanjy terbiýelemekde, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmakda sapaklarda hem-de sapakdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň netijeli usullary we usulyýet tärleri barada gymmatly usuly maslahatlary berdiler.

Ylmy- usuly maslahata gatnaşan bilim işgärleri hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna serpaý eden nusgalyk kitaby – “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitaby üçin çyn ýürekden çykýan sagbolsunlaryny aýtdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we bilim işgärleri üçin döredýän ähli mümkinçiliklerine öz hoşallyklaryny bildirdiler hem-de Milli Liderinimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag , ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ogulşat Durdyýewa

 Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň

Berdimuhamet Annaýew adyndaky

maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we

kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen

27-nji orta mekdebiň müdiri

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address