Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan
Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en
slogan

News

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Behişdi bedewleriň waspy

03.02.2026

492

Behişdi bedewleriň waspy

  2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Behişdi bedewleriň döredijilikde we sungatda waspy” atly aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi.

2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi agzybir we merdana halkymyza, ýurdumyzyň bilim işgärlerine egsilmez buýsanç paýlap, döredijilik işgärlerini joşa getirdi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirilen “Behişdi bedewleriň döredijilikde we sungatda waspy” atly aýdym-sazly medeni çäresi Türkmenistanyň halk artistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmegindäki ajaýyp aýdymlary hem-de şahyr döredijiliginiň ajaýyp setirleri bilen baýlaşdy.

Medeni çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri üçin uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary tarapyndan minnetdarlyk sözleri aýdyldy. Döredijilik diýen uly daragtyň gülleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri bilen ebedi gülleýär. Şol daragtyň saýasynda bolsa şirin mukamlar ýaňlanýar, belent, şahyrana setirler jahana dolýar, şöhratly taryhyň sahypalary ýazylýar. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary belent bolsun!

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.