tk
ru
en
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
Login

News

Innovation information center

«Arkadag» topary bilen «Al-Nassryň» arasynda boljak duşuşyga 500-den meýletinçi talyp gatnaşar

07.02.2026

1217

«Arkadag» topary bilen «Al-Nassryň» arasynda boljak duşuşyga 500-den meýletinçi talyp gatnaşar

Aşgabatda «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» toparynyň arasynda geçiriljek duşuşyga ýokary derejeli taýýarlyk görülýär. Olimpiýa stadionynda geçiriljek AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşygyna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan 89 mugallym, 507 sany talyp çekildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde bellenilýär.

«Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Olar dynç alyşdan dolanyp gelensoň, duşuşygyň öňüsyrasynda türgenleşikleri dowam etdirmegi meýilleşdirýäris. Aslynda, bu işe ýanwar aýynda girişdik. Olimpiýa stadionynda bolan türgenleşikleriň çäklerinde meýletin ýardamçylardyr jogapkär mugallymlaryň hyzmat etmeli ýerleri kesgitlenildi» diýip, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylym bölüminiň hünärmeni Arslan Myradow belleýär.

Meýletinçiler janköýerleriň 5,5 müňden gowragynyň gatnaşmagynda stadionda peýda boljak «ARKADAG» ýazgysyny ýazmak boýunça işleriň guramaçylygyna hem ýardam berýärler.

Ýörite döredilen media toparynyň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Türkmen döwlet medeniýet institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan mugallymlaryň 12-si, zehinli, dilewar talyplaryň bolsa 76-sy çekildi. 

Olar duşuşyga görülýän taýýarlyk işleriniň dowamynda we onuň geçirilýän günlerinde reportažlary, foto we wideo maglumatlary taýýarlamak hem-de halkara giňişlige çykarmak işlerine gatnaşarlar. Bu ugurda toparyň agzalary bilen onlaýn we amaly görnüşde ýörite okuwlar geçirildi diýlip, söhbetdeşlikde bellenilýär. 

Çeşmesi: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address