Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Zehinli okuwçylaryň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna syýahaty

18.10.2024

126

Zehinli okuwçylaryň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna syýahaty

Ýagty ertirleri nazarlaýan uly işlere  badalga bolan” Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdaymyzyň parasatly baştutanlygynda Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmegi  üçin uly işleriň amala aşyrylýandygyna şaýady bolýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen günsaýyn ösýän Watanymyzda  bagtyýar ýaşlar özleri bararada edilýän tagallary duýup bagyýar ýaşaýarlar.

Ýakynda Aşgabat şäherindäki Sapamyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň halypa mugallymlary we zehinli okuwçylary paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna gezelenç gurnadylar. Gezelenjiň dowamynda mekdep okuwçylary ylmy-tehnologiýa parkynyň muzeýine baryp, ol ýerdäki eksponatlar we taryhyň dürli döwürlerinde ylmyň ösüşi bilen baglanşykly täsirli maglumatlar bilen tanyşdylar. Şeýle gezelençleriň yzygiderli gurnalmagy okuwçylaryň ylyma-bilime, döredijiige bolan isleglerini has-da artdyryp, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmäge giň mümkinçilik döredýär. Umumybilim berýän mekdep- internatynyň mugallymlarydyr okuwçylaryň hormatly Prezidentimiziň “Halypa-şägirtlik” taglymatynyň has-da rowaçlanmagy üçin Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlary,ýokary okuw mekdeplerini birnäçesi bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamaklary olaryň döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmeklerine ýardam berýär

Mälim bolşy ýaly ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň okuwçylary halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine, onlaýn internet olimpiadalaryna, galyberse-de ýurdumyzyň çäginde geçirilýän medeni-köpçülikleýin bäsleşikleriň birnäçesine yzygiderli gatnaşyp, ýokary derejede çykyş edip uly üstünlikler gazandylar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  mekdebiň zehinli okuwçylary halkara derejedäki ders bäsleşiklerinde 57 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “ Ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredýäris” diýen ganatly jümleleri ähli türkmen ýaşlaryny kämil döredijilige, täze-täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Bu günki gün türkmen ýaşlarynyň milli bilim ulgamynda halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri döwletimiziň ýaşlar baradaky edýän aladalarynyň ajaýyp miweleri dälmidir eýsem?!

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap derejede bilim almaklary, kämil şähsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il bähbitli ýurt ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Atanur Kylyşew

Aşgabat şäherindäki Sapamyrat Türkmenbaşy adyndaky

ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň mugallymy


Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address