tk
ru
en
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
Login

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigi geçirildi

26.02.2026

65

“Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigi geçirildi

 2026-njy ýylyň fewral aýynyň 26-syna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Hormatly Prezidentimiziň: "Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen ajaýyp sözlerini belent wezipe edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň zehin-başarnygyny, ugurtapyjylygyny, maksadaokgunlylygyny, ruhubelentligini, eziz Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çäksiz söýgüsini hem-de buýsançlylygyny, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly däp-dessurlarymyzy we halkymyzyň köp öwüşginli medeni mirasynyň nepis aýratynlyklaryny kämil bilişini, şol gymmatlyklary ýas nesillere ýetirmek ukybyny, maşgala durmuşyna taýýarlygyny, gyz maşgala mahsus medeniýetini, ýokary ahlak sypatlaryny we edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan eden “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige Energo-tehnologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Rahmedowa Akbibi, Senagat-tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Welihanowa Sülgün, Kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Atajanowa Gül, Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Orazmyradowa Aýjemal, Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ezizowa Medine düzgünnama laýyklykda 3 şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Senagat-tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Welihanowa Sülgün üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp boldy. Bäsleşigiň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Bäsleşige gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address