Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň çäginde taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň jemleýji umumy döwlet tapgyry 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi

04.03.2026

1160

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň çäginde taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň jemleýji umumy döwlet tapgyry 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi

Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda welaýat (Aşgabat, Arkadag şäher) tapgyrlarynda her okuw dersinden (ene dili we edebiýat, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa, ekologiýa, biologiýa, himiýa, matematika, fizika, informatika) we robototehnikadan 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan 245 sany iş bilen 401 okuwçy gatnaşdy. Taslama işi bir ýa-da iki okuwçy tarapyndan bir mekdebiň degişli synp okuwçylary tarapyndan ýerine ýetirilip bilinýär.

Taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň jemleýji umumydöwlet tapgyrynda eminler topary tarapyndan işleriň ylmylygy, täzeçilligi, durmuşda ulanmak mümkinçilikleri we okuwçylaryň bu işleri gorap biliş ukyplary nazara alnyp, her okuw derslerinden we robototehnikadan ýeňiji bolan işleriň 3-si    (I orun – 1 sany, II orun – 1 sany, III orun – 1 sany) kesgitlenilýär.

Bäsleşigiň hemme tapgyrlarynda matematika, fizika, informatika, himiýa, biologiýa okuw dersleri boýunça takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylary adaty orta mekdeplerden aýratynlykda bäsleşdiler (ýagny adaty mekdepleriň matematika, fizika, informatika, himiýa, biologiýa we ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň matematika, fizika, informatika, himiýa, biologiýa okuw dersleri boýunça taslama iş bilen çykyş edýän okuwçylara aýratynlykda orun berilýär). 

Ene dili we edebiýat, iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa, ekologiýa okuw derslerinden hem-de robototehnikadan adaty we ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylary bilelikde bäsleşdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address