Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Zenan keşbi - milli medeniýetiň baýlygy

04.03.2026

636

Zenan keşbi - milli medeniýetiň baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler medeniýet we sungat ulgamyny has-da ösdürmekde, täze ösüşlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň ruhy taýdan galkynan zamanasynda şekillendiriş sungaty beýleki sungatlar bilen bilelikde yzygiderli ösýär.

Türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryndan ugur alnyp döredilen her eserde döwrüň beýik ruhy galkynyşy duýulýar. Gahryman Arkadagymyz şu eşretli zamanada türkmen sungatyny ösdürmeklige, onuň taryhyny çuňňur öwrenmeklige giň ýol açdy. Ynha bu gün bolsa 2026-njy ýylyñ mart aýynyñ 4-ne Türkmenistanyñ Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp guralan uly sergi türkmen milli sungatynyň taryhy ösüşini, çeperçilik aýratynlyklaryny we ruhy mazmunyny giňişleýin açyp görkezýär. Zenan keşbi türkmen sungatynda diňe bir gözelligiň nyşany däl, eýsem jemgyýetiň ruhy binýadynyň, däp-dessurlarynyň hem-de milli özboluşlylygynyň simwolydyr.Sergide ilkinji ussat suratkeşleriň döredijilik mirasyndan başlap, häzirki döwrüň ýaş suratkeşleriniň täzeçe garaýyşlaryna çenli eserler görkezilýär.

Türkmen şekillendiriş sungatynyň ilkinji döwürlerinde zenan köplenç ene, maşgala ojagynyň goragçysy hem-de milli däpleriň dowam etdirijisi hökmünde şekillendirilýär. Realistik çemeleşme, tebigy reňk sazlaşygy we ýüz keşplerindäki psihologik çuňluk şol döwrüň esasy aýratynlyklarydyr. Portret žanrynda zenanyň ruhy dünýäsi açylyp görkezilýär, onuň mertebesi we mähirli häsiýeti çeper serişdeler arkaly nygtalýar.

Soňky ýyllarda ýaş suratkeşleriň döredijiliginde zenan keşbi täze many giňişligine eýe bolýar. Stilizasiýa, simwolizm we ekspressiw reňk çözgütleri arkaly zenan diňe bir durmuş hakykatynyň şekili bolman, eýsem erkinligiň, döredijiligiň we ruhy güýjüň simwolyna öwrülýär. Şeýle ösüş sungatyň jemgyýetdäki sosial özgerişler bilen sazlaşykly ösüşini görkezýär.

Serginiň möhüm bölegi bolan amaly-haşam sungaty zenan keşbi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Türkmen zergärçiligi we halyçylyk sungaty asyrlar boýy zenan zähmeti bilen ösdürilip gelinýär. Kümüş şaý-seplerdäki nagyşlar, geometrik kompozisiýalar hem-de ösümlik elementleri diňe bir bezeg maksadyny däl, eýsem goragçylyk hem-de simwoliki manylary hem özünde jemleýär.

Zenanlara bagyşlanan bu sergi jemgyýetde zenan mertebesini wasp etmek bilen birlikde, olaryň döredijilik mümkinçilikleriniň giňelýändigini hem görkezýär. Sungat arkaly zenan keşbiniň dürli taraplarynyň açylyp görkezilmegi jemgyýetçilik aňynyň ösüşine oňyn täsir edýär.

Şeýle çäreler ýaş nesli milli medeni mirasa hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Muzeý giňişliginde geçirilýän bu sergi milli sungatyň dowamlylygyny üpjün edýär hem-de onuň dünýä medeni giňişligindäki ornuny pugtalandyrýar.

Zenan keşbi türkmen şekillendiriş sungatynyň ebedi mowzugy bolup galýar. Türkmenistanyñ  Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen bu giň gerimli sergi zenan keşbi arkaly milli medeniýetiň baýlygyny, däp-dessurlarynyň dowamlylygyny we döwürleriň çeperçilik ösüşini açyp görkezýär.

Amangül Goçmyradowa,

Türkmenistanyñ Döwlet çeperçilik

akademiýasynyñ talyby

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address