Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

“Talyp gözeli – 2026” bäsleşigi Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde

13.03.2026

536

“Talyp gözeli – 2026” bäsleşigi 
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde

Hormatly Prezidentimiziň: "Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn" diýen ajaýyp sözlerinden nusga alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Yaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeșiniň bilelikde gurnamagynda geçirilýän “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigi Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirildi.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigine uniwersitetiň dürli hünärleri boýunça bilim alýan talyp gyzlary gatnaşyp, uniwersitetiň Ykdysadyýet we dolandyryş bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparynyň Dil öwreniş bölüminiň talyby Hudaýberdiýewa Aýgül I orna, Binagärlik bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparynyň Dil öwreniş bölüminiň talyby Muhammedowa Nurjemal II orna, Oba, tokaý we balyk hojalygy bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparynyň Dil öwreniş bölüminiň talyby Ilmyradowa Suraý hem-de Ykdysadyýet we dolandyryş bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparynyň Dil öwreniş bölüminiň talyby Baýramgeldiýewa Maýsa III orna mynasyp boldular. “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşigine gatnaşyp, gowy netijeleri gazanan talyp gyzlary uniwersitetiň rektory tarapyndan “Hormat haty” hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Talyp gyzlar özleriniň zehin-bașarnygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini eziz Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çäksiz söýgüsini hem-de buýsançlylygyny, asylly däp-dessurlarymyzy, maşgala durmuşyna taýýarlygyny, zenan maşgala mahsus medeniýetini, ýokary ahlak sypatlaryny açyp görkezip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy “Garașsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, șeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek arkaly öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler.

Bäsleşigiň dowamynda uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary türkmen halkynyň milli mirasyny, müňýyllyklardan alyp gaýdýan däp-dessurlaryny, zenan sarpasyny dabaralandyrmakda uly tagallalary döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.                        

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address