Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Ýaş nesilleri hünäre ugrukdyrmak

13.03.2026

578

Ýaş nesilleri hünäre ugrukdyrmak

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan − bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşýan mekdep okuwçylary we olaryň mugallymlary üçin Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde hünäre ugrukdyryş okuw sapagy gurnaldy.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen zehinli okuwçylar uniwersitetiň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ylmy-barlag tejribehanalary, okuw otaglary, talyp ýaşlaryň taýýarlan ykdysady we tehnologik taslamalary, şeýle hem“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan −bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanan sergi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Bu çäre ýaşlaryň ylmy gözleglere we döredijilige bolan höweslerini artdyrmak bilen bir hatarda, olary dürli  hünärlere ugrukdyrmakda  möhüm ädim boldy.

Bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary uniwersitetiň binägärlik sungatynyň beýik derejä eýe bolandygy aýdyp, geljekde hünär saýlamakda uly tejribe gazanandyklaryny belläp, ylym-bilim babatynda uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address