Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

14.03.2026

409

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

2026-njy ýylyň mart aýynda «Türkmenistan» habarlar portalynda türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň birinji synp okuwçylary üçin rus dili boýunça 70 sany wideosapakdan ybarat mugt okuw kursy peýda boldy. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň «Turkmenportal» saýtyna beren habaryna görä, bu taslama Russiýanyň Magaryf ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar.

Okuw materiallary Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan Türkmenistanyň milli maksatnamasy göz öňünde tutulyp işlenip düzüldi. Sapaklar oýun görnüşinde taýýarlanyp, olar esasan okuwçylaryň sözleýiş we aragatnaşyk ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Her bir sapagyň dowamlylygy 10 — 15 minutdan geçmeýär.

Wideosapaklarda mugallym hökmünde mugallym we teleradioýaýlymlaryň alyp baryjysy A.S.Morozowa çykyş etdi. Ýazgy işleri D.S.Mendeleýew adyndaky «Kwantorium» mugallymçylyk tehnoparkynyň studiýasynda amala aşyryldy. Materiallara A.I.Gersen adyndaky Russiýa döwlet mugallymçylyk uniwersiteti hem-de Moskwa döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan syn berildi.

Häzirki wagtda türkmen mekdepleriniň beýleki synplarynyň okuwçylary üçin hem şuňa meňzeş okuw kurslarynyň üstünde iş alnyp barylýar.

Kursy şu portalda görüp bilersiňiz: www.turkmenistaninfo.gov.tm/ru/course

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address