Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde "Ýiti zehin" bilim bolüminiň açylyş dabarasy

17.03.2026

94

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde "Ýiti zehin" bilim bolüminiň açylyş dabarasy

2026-njy ýylyň 16-njy martynda bilimiň innowasiýon belentliklerini nazarlaýan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde “Ýiti zehin” bilim bölümi açyldy. Bu bölüminiň açylyş dabarasy uniwersitetiň döwrebap binasynyň öňünde aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Bu şatlykly dabara uniwersitetiň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlar we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren joşgunly tanslary, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän aýdymlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary döretdi. Soňra uniwersitetiň rektory Kadyrow Hydyrguly Atamyradowiç gutlag sözi bilen çykyş etdi we “Ýiti zehin” bilim bölüminde alnyp baryljak işlere uly üstünlikler arzuw etdi.

Dabaraly pursatlar türkmeniň däp-dessurlary bilen utgaşyp, “Ýiti zehin” bilim bölüminiň toý bagy el şarpyşmalaryň astynda kesildi. Ilkinji diňleýjilerini kabul eden bu bilim bölüminde ussat mugallymlaryň iňlis, rus, hytaý, dillerindäki we himiýa, fizika, biologiýa, matematika, ykdysady, we sanly tehnologiýalar dersleri boýunça görkezme sapaklaryna gatnaşyldy. Size hem “Ýiti zehin” bilim bölüminde zehiniňizi ýitilemegi maslahat berýäris.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address