Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşiginde ýokary görkezijilere eýe bolan okuwçylary sylaglanyş dabarasy

17.03.2026

100

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşiginde ýokary görkezijilere eýe bolan okuwçylary sylaglanyş dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly we watançylyk ruhunda terbiýelemekleri baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu günki gün olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertdir mümkinçilikler döredilen.

Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşlar halkara we döwlet derejesinde geçirilýän dürli ugurlar boýunça taslama we ders bäsleşiklerine gatnaşyp, özleriniň zehin başarnyklaryny görkezýärler.

Mart aýynyň 10-na Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti tarapyndan geçirilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak boýunça bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşigiň netijeleri boýunça iň ýokary görkezijilere eýe bolan okuwçylar baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Olar Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti tarapyndan taýýarlanylan hormat hatlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Bu ýokary okuw mekdebinde şeýle ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna ýardam edýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address