Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi

Hormatly Prezidentimiz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

01.04.2025

10

Hormatly Prezidentimiz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Eýranyň Prezidenti mähirli salamlaşyp, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mübärek Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şeýle-de goňşy döwletiň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Eýranda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny hem-de Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýetirdi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Öz gezeginde, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Eýrana barmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Masud Pezeşkian birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Eýranyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik Eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address