Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“BILIM” YLMY-USULY ŽURNALYNYŇ BIRINJI SANY ÇAPDAN ÇYKDY

18.03.2026

174

“BILIM” YLMY-USULY ŽURNALYNYŇ BIRINJI SANY ÇAPDAN ÇYKDY

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda žurnalyň ýerine ýetirmeli wezipeler  neşirde berlen materiallarda öz beýanyny tapýar. Žurnal hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim syýasaty barada aýdylanlary bilen açylýar, şeýle hem, neşirde ilkinji gezek öňdebaryjy bilim işgärleriniň ýürek sözleri fotosuratlary bilen berilýär.

Žurnalyň syýasy sahypasynda “Türkmenistan – BMG: hereketleriň Awaza maksatnamasy” atly makalada orta we ýokary okuw mekdepleriniň täze işe başlan taryh, filosofiýa, jemgyýeti öwreniş, ykdysadyýetiň esaslary, informasiýa we kommunikasiýa tehnologiýalary hem-de beýleki dersleri okadýan mugallymlaryň düşünjelerini baýlaşdyrmak maksady bilen, redaksiýa şu makalany taýýarlady, onda Hazaryň türkmen kenarynda Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň bilelikde guran Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylykda geçirilendigi, onda dünýä döwletlerine bähbitli resminamalaryň kabul edilendigi barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Žurnalyň ylmy makalalar rubrikasynda maglumat aragatnaşyk ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak; Türkmenistanda pedagogik garaýyşlaryň ösüşi; Abu Nasr Al-Farabynyň eserlerindäki pedagogik pikiriň ösdürilişi; watançylyk terbiýesiniň gönezligi; halkara bilim maksatnamalarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy; talyp türgenlere daşary ýurt dillerini öwretmegiň aýratynlyklary we beýleki makalalarda bilim işgärleriniň okuwyň usulyýetini, dersleriň ylmy esaslylygyny işe ornaşdyrmagyň wagyp meseleleri barada giňişleýin beýän edilýär.

Mekdebe çenli ýaşly bilim edaralarynda körpeleri mekdebe taýýarlamagyň usuly-esaslary barada tejribeli işgärleriň; umumybilim berýän mekdebe degişli rubrikada dersleri okadýan mugallymlaryň daşary ýurt dilleriniň öwredilşini kämilleşdirmegiň ähmiýeti; türkmen dili sapaklarynda sözlemiň baş agzalaryny öwretmek; matematika dersinden käbir halkara derejeli bäsleşik meseleleriniň çözülişleri baradaky usuly beýanatlary mugallymlaryň iş tejribelerini kämilleşdirmeklerine ýardam berýär.

Ýokary bilim atly rubrikada kämil hünärmenleri ýetişdirmekde öňde durýan talaplar, tehniki ýokary okuw mekdeplerinde STEM usulyýetiniň ornaşdyrylyşy, okatmakda häzirki zaman elektron serişdelerinden peýdalanmagyň artykmaçlygy, medeni-köpçülikleýin çärelerde yşyklandyrma tehnologiýasynyň ähmiýeti temalaryna degişli ylmy-usuly makalalar berilýär.

                                                                                             “Bilim” žurnaly.   

                                                                            Taýýarlan Aşyrgeldi Ataýew.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address