Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

VI AÇYK HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNDA (OMOUS-2026) INSTITUTYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI

31.03.2026

335

VI AÇYK HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNDA (OMOUS-2026) INSTITUTYMYZYŇ ÜSTÜNLIKLERI

Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy, ylmy-döredijilik işleribilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ählizerur şertler döredilendir. Çünki mähriban Watanymyzyňgülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere bagly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Biz alymlaryň pikirini nazara alyp, olaryň geçirýän ylmy-barlag işleriniň netijelerini we berýän tekliplerini döwlet syýasatynda hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alyp barýan işlerimizde hem giňden peýdalanmalydyrys” diýip bellemegide, biziň maksadymyzyň hem döwrüň talabyna laýyk gelýän, öz hünäri boýunça täzeçe pikirlenip we netijeli işläp biljek kämil hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň gözýetimli we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde netijeli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen mart aýynyň 23-28-i aralygynda Halkara Ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “VI Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2026)” atly halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada daşary döwletleriň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan 650-den gowrak talyp gatnaşdy. Olimpiadanyň düzgünnamasyna laýyklykda  A we B derejeler boýunça ýekeleýin hem-de toparlaýyn görnüşde geçirildi. Talyplar ýekeleýin tapgyrda 6 sany we toparlaýyn tapgyrda 10 sany meseleleri çözmekde güýjüni synanyşdylar. Bu olimpiadada biziň institutymyz hem baýrakly orunlara mynasyp bolup medallara eýe boldy. Olimpiadanyň ýekeleýin görnüşiniň B derejesinde Demir ýol fakultetiniň talyby Baýlyýew Ýalkapberdi kümüş, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby Gyzylowa Jemal bürünç, Sanly tehnologiýalar we kiberhowsuzlyk fakultetiniň talyby Serdarowa Mährijemal bürünç hem-de A derejede Sanly tehnologiýalar we kiberhowsuzlyk fakultetiniň talyby Baýramow Şöhrat kümüş medallara mynasyp boldular.

        Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmeginde talyp ýaşlara uly ynam bildirilýär. Olaryň okamagy, öwrenmegi üçin hem giň mümkiçilikler döredilýär. Şeýle mümkiçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän uly işleri rowaç bolsun.

BAZARGELDI SAPARGELDIÝEW,

ANNABERDI BERDIÝEW

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň “Ýokary

matematika”kafedrasynyň mugallymlary

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address