Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

“Etut.developer” ady bilen geçirilen kiberhowpsuzlyk boýunça hakaton bäsleşiginiň netijeleri

01.04.2026

139

“Etut.developer” ady bilen geçirilen kiberhowpsuzlyk boýunça hakaton bäsleşiginiň netijeleri

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Etut.developer” ady bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hakaton bäsleşiginiň netijeleri

      Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň pudak edaralaryny sanlylaşdyrmagy ulgamlaýyn wezipeleri çözmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Jemgyýetiň ösüşiniň häzirki zaman tapgyry, gün-günden artyp barýan, maglumatlary ýygnamaklygy, döretmekligi, ýaýratmaklygy we ulanmaklygy amala aşyrýan maglumat infrastrukturalarynyň we subýektleriň toplumyny emele getirýän maglumat gatnaşyklary bilen häsiýetlendirilýär. Köpçülikleýin kompýuterleşdirmek, iň täze maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ösdürmek babatynda, şeýle hem sanlylaşdyrmakda, bilimde, ylymda, söwdada, senagat önümçiliginde we beýleki gurşawlarda uly sepgitlere ýetildi

   Bäsleşigiň geçirilmegi talyplaryň özbaşdak pikirlenip, mesele çözüp, netije kabul etmäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmaga, aýratyn zehinli ýaşlaryň öz başarnyklaryny açyp görkezmeklerine, web serwerleri we gorag diwarlary dolandyryp, dürli gorag tehnologiýalary öwrenip, web saýtlary işläp düzmekden, web saýtlary serwerlere gurnap, häzirkizaman tehnologiýalary ulanyp gorag serişdelirini işläp taýýarlamak ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam berer. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan “Etut.developer” ady bilen web saýt döretmek hem-de onuň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hakaton bäsleşigi geçirildi.

        Bäsleşigiň ýeňijileri

  1. nji ýerlere Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersiteti we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti,
  2. nji ýerlere Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem-de Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty,
  3. nji ýerlere Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz, Tütkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty we Türkmenistanyň Serhet instituty.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address