Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Telekeçilikde töwekgelçiligi ýeňip geçmek barada

06.04.2026

596

Telekeçilikde töwekgelçiligi ýeňip geçmek barada

2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamagynda uniwersitetiň “Galkynyş” otagynda ýaşlary telekeçilige höweslendirmek boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy, telekeçi Dagdan Sözenow alyp baryp, ýaşlarda “Özüňi bilmek we özgeleri tanamak sungaty” boýunça çykyş etdi.

Okuw sapagynyň dowamynda telekeçilik işiniň başlangyçlary, telekeçilikde töwekgelçiligi ýeňip geçmek, jemgyýetde özüňi ykrar edip bilmek, 9 görnüşli tip boýunça her bir ynsanyň tapawutly aýratynlyklary barada talyp ýaşlarda psihologik tejribe sapagy gurnaldy. Okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamy, ähli babatda döredilýän mümkinçilikler Türkmenistan döwletimiziň ylmy we tehnologik kuwwatynyň täze belentliklere göterilmegine oňyn mümkinçilik berýändigi barada beýan edildi. Çünki ylym bilen utgaşýan döredijilikli iş haýsy ugurda bolanda-da, hökman rowaçlyga eltýär. Beýgelmek ylym bilen, ylym bolsa ýaşlaryň döredijilikli we dowamly gözlegleri bilen geljege uzaýar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address