Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Telekeçiligi ösdürmek boýunça halkara ylmy we okuw maslahaty

06.04.2026

615

Telekeçiligi ösdürmek boýunça halkara ylmy we okuw maslahaty

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň “Galkynyş” otagynda bilim, ylym we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen daşary ýurtly myhmanlaryň we uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda ylmy we okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň halkara gatnaşyklaryny berkitmek we ýurdumyzda kämil täze tehnologiýalaryň we ykdysady, senagat ösüşlerini, telekeçilik we innowasion tehnologiýalaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmakdan ybarat boldy.

Ylmy-okuw maslahatda häzirki zaman senagat kärhanalaryny dolandyrmagyň halkara standartlary we sanly ykdysadyýetiň ähmiýeti barada Haus kompaniýasynyň taslama dolandyryjysy Linda Lotta Luktala, telekeçilik gurşawynda halkara gatnaşyklaryň we maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşy barada Redfrog kompaniýasynyň iş dolandyryjysy Tomas Žunna, telekeçilikde döwrebap ösüşi, ýerli önümçiligiň eksport mümkinçilikleri we ýaş hunärmenleriň bu ugurdaky orny barada Merkezi Aziýa boýunça maslahatçy Bakyt Omurzakow çykyş etdi. Çykyşlaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça uniwersitetiň professor-mugallymlary daşary ýurt wekilleri bilen sorag-jogaplar arkaly tejribe alyşdyrlar.

Halkara derejeli hünärmenler ylmy-okuw maslahatyň çäginde uniwersitetiň binagärlik toplumy bilen tanşyp, ýaşlara döwrebap bilim bermekde uniwersitetde giň mümkinçilikleriň döredilendigi barada aýdyp geçdiler.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address