Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti

“Saglyk – bagtyýar döwletimiziň baş ýörelgesidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

17.04.2026

213

“Saglyk – bagtyýar döwletimiziň baş ýörelgesidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň VIII “Ýokary okuw mekdeplerinde ruhy-ahlak we terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak” baby boýunça ýerine ýetirmeli çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli “Saglyk – bagtyýar döwletimiziň baş ýörelgesidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň uly üstünliklere beslenip dowam edýändigini, ýurdumyzy ösdürmegiň ähli ugurlary bilen bilelikde lukmançylyk ylmyny ösdürmeklige uly üns berilýändigini aýratyn hoşallyk bilen bellediler. Her ýylyň aprel aýynda Bütindünýä Saglyk gününiň döwlet derejesinde geçirilmeginiň ähmiýetiniň ýokarydygyny, raýatlaryň saglygynyň Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygy, ýurdumyzda lukmançylyk diplomatiýasyny amala aşyrmakda gazanylýan üstünlikler, bu syýasatyň ynsan saglygyny goramakda ählumumy tagallalary birleşdirmegiň netijeli guralydygy, berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygy, ynsan saglygyny goramakda ýetilýän sepgitler, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň beýik ösüşleriň badalgasydygy barada buýsanç bilen çykyş etdiler.

Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň saglygyny goramakda hem-de lukmançylyk ylmyny ösdürmekde alyp barýan beýik işleri üçin janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. 

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address