
News
31

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde uniwersitetiň ilkinji Zenanlar guramasynyň ýolbaşçylygynda zenan mugallymlaryň we talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda "Edep – bagtyňgözbaşy" atlywagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň esasy maksady halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli edep-ekram kadalaryny talyplaryň arasynda giňden wagyz etmek, gyz-gelinlerimiziň jemgyýetdäki ornuny düşündirmek, maşgala mukaddesligi, wepadarlyk, öý-ojagyň abatlygy, nesil terbiýesine aýratyn üns bermek, watana bolan söýgüni we wepadarlygy terbiýelemek, sözleýiş medeniýeti we döwrebap bilim almakdan ybarat boldy.
DuÅŸuÅŸykda çykyÅŸ eden her bir halypa mugallym öz durmuÅŸ tejribesine salgylanyp, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, gyz-gelinlere mahsus sözleýiÅŸ medeniýetiniň aýratynlyklary, milli we döwrebap lybaslary geýmegiň medeniýeti, internet ulgamyndan, sosial torlaryny dogry peýdalanmak babatda giňiÅŸleýin çykyÅŸ etdiler. Åžeýle hem Hormatly Prezidentimiziň amala aÅŸyrýan döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormatyň belentdigi, olaryň jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda alyp barýan döredijilikli zähmetlerine ýokary baha berilýändigi dogrusynda buýsançly sözler aýdyldy.Â