Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

TOHU-da ykdysady ugurlarda žurnalistikanyň orny we media sowatlylygy boýunça açyk sapak geçirildi

21.04.2026

1154

TOHU-da ykdysady ugurlarda žurnalistikanyň orny we media sowatlylygy boýunça açyk sapak geçirildi

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň işjeň gatnaşmagynda häzirkizaman žurnalistikasy we onuň dürli ykdysady ugurlardaky ähmiýeti hem-de media sowatlylygy boýunça açyk sapak geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi bilelikde guradylar.

Seýli Aryşow TOHU açyk sapak ORIENT

TOHU-da yzygiderli geçirilýän açyk sapagyň bu gezekki myhmany ORIENT habarlar saýtynyň wekili ýaş žurnalist Seýli Aryşow boldy. Ol çykyşynda häzirki sanly ulgamyň, emeli aň ýaly ösen tehnologiýalaryň döwründe galp habarlar (fake news, deepfake) bilen anyk habarlary seljermegiň ýollary, ýaýradylýan ykdysady habarlarda sanlary (statistiki maglumatlary) maglumatlary dogry beýan etmegiň usullary şeýle hem ulanylýan dürli ykdysady adalgalaryň düşündirilişi barada giňişleýin belläp geçdi.

Seýli Aryşow TOHU açyk sapak

Elbetde häzirki wagtda islendik ugurda hem KHBS-niň ähmiýeti has-da artýar. Esasan hem söwda-ykdysady ulgamda günsaýyn barha kämilleşýän internet žurnalistikasynyň orny örän uludyr.

Sosial torlardaky internet habarlar çeşmelerinden hem görnüşi ýaly, häzirki wagtda žurnalistikanyň bu görnüşiniň geriminiň giňelýändigini we uly geljeginiň bardygyny aňmak bolýar. Ýöne her zadyň hem iki tarapynyň bolşy ýaly, şol bir wagtyň özünde sosial ulgamlarda ýaýradylýan käbir galp habarlardan goranmak we olary saýgaryp bilmek hem döwrüň esasy zerurlyklarynyň biri bolup durýar.

Seýli Aryşow TOHU

Ady agzalan temalar açyk sapaga gatnaşyjylaryň ählisi üçin gyzykly hem täsirli bolup, oňa gatnaşan mugallymlaryň we talyplaryň özlerini gyzyklaryndyrýan sowallaryna jogap almaklary bilen jemlendi.

Ýeri gelende belläp geçsek, ORIENT-iň döredijilik topary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap ýaşlaryň arasynda şeýle seminarlary we açyk sapaklary yzygiderli geçirip gelýär.

Çeşmesi: ORIENT

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address