Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main page
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň 4-nji ýyl talyby halkara olimpiadasynda I orny eýeledi

30.04.2026

1130

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň 4-nji ýyl talyby halkara olimpiadasynda I orny eýeledi

2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 19-dan mart aýynyň 1-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäher mugallymçylyk uniwersiteti we Ynsanperwer ylymlary instituty tarapyndan yglan edilen “Homo dicens” atly rus dili ugry boýunça Halkara olimpiada geçirildi.  Bu halkara bäsleşige Türkmenistanyň talyplary bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Iordaniýa, Serbiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Moldowa Respublikalaryndan, jemi 200-e golaý talyplar gatnaşdylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň 4-nji ýyl talyby Sopytaganowa Medine Azadowna bu bäsleşigiň iki tapgyryny üstünlikli geçip, rus dili ugrundan ýokary netije görkezdi. Bu ýokary derejeli bäsleşikde biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyby Sopytaganowa Medine Hytaý Halk Respublikasyndan we Serbiýa Respublikasyndan gatnaşan talyplardan üstün çykyp, I derejeli diploma mynasyp boldy. Bu gazanylan ýokary netije bolsa türkmen talyplarynyň halkara derejede bäsleşmäge ukyplarynyň bardygyny subut etdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address