Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main page
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedewbatly at –myradyň mekany” atly hasabat konserti !

13.05.2026

382

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedewbatly at –myradyň mekany” atly hasabat konserti !

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at –myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni toýdur dabaralara şanly wakalara beslenýär. Ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet sungat ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryndaýylymyzyň şygary, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň   adyny buýsanç bilen göterýän ussat kompozitor türkmen aýdym-saz sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli hasabat konserti geçirildi. 

Konserta gelen myhmanlary  teatryňgirelgesinde Şöhratberdi Mededowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar ansambly öz şirin-owazly aýdymlary bilen garşy aldylar. Bu ýerde mekdebimiziň kitaphanasy tarapyndan gurnalan ajaýyp sergisi özboluşly bezeg berdi. Konsert üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniňh ýerine ýetirmeginde Saparmyrat Baýlyýewiň sazyna, Merdan Sähedowyň sözlerine döredilen “Türkmenistan” atly ajaýyp aýdym bilen badalga aldy. Amangeldi Hudagulyýewyň dirižýorlyk etmeginde bu aýdymy Mergen Ataýew, Yhlas Welhanow  hem-de hor topary ýerine ýetirdi.

Dabaranyň dowamynda birnäçe türkmen halk aýdym-sazlary we daşary ýurt eserleri ýerine ýetirildi. Abdylla Mämmedowyň ýolbaşçylyk etmegindäki “Çandybil deprekçiler” toparynyň “Saz çemeni ” atly kakuwlary dabara has-da joşgun berdi. Konsert simfoniki orkesrtriniň ýerine ýetirmeginde Hezret Reýimbaýewyň  döreden“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at –myradyň mekany” diýen ajaýyp aýdymy bilen tamamlandy. Eseri Eziz Jumagulyýewiň dirižýorlyk etmeginde Begdurdy Çerkezow, Oguljeren Seýidowa hem-de hor topary ýerine ýetirdi. Konsert tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el-çalpyşmalar bilen tamamlandy.

Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky

Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address