Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli «Halkymyzyň döwletliliginiň, agzybirliginiň we jebisliginiň belent nyşanlary» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi

14.05.2026

621

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli «Halkymyzyň döwletliliginiň, agzybirliginiň we jebisliginiň belent nyşanlary» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda «Halkymyzyň döwletliliginiň, agzybirliginiň we jebisliginiň belent nyşanlary» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramyň ähmiýeti dogrusynda çykyşlarda bellenildi. Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty O.Durdymuhammedowanyň «Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň dünýä ýüzünde tanalmagy», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy L.Hajyýewanyň «Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýaşlary milli ruhda terbiýelemekdäki ähmiýeti», Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallym-öwrenijisi D.Nurmyradowyň «Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Kanunymyz – kalbymyzyň güýjidir» hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi N.Babaýewanyň «Baýdagymyz başymyzyň täjidir» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address