
News
539

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bosagada dur. Merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwletli bolmak baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz Türkmenistan döwleti dünýä ýaň saldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyz döwletli bolmak arzuwy ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşady. Döwrümiziň bagtyýar nesilleri hasyl bolan arzuwlary berkidýän nesiller hökmünde uly jogapkärçiligi egne alýarlar, hut şunuň bilenem olar tükeniksiz mertebäniň, at-abraýyň eýeleridir» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlanan türkmen suratkeşleriň döredijilik dünýäsinde beýan edilýän sungat eserleri döwrümiziň taryhyna ýazylýar.
2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň maý aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň toýy mynasybetli «Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary» atly mugallymlarynyň we talyplarynyň döredijilik sergisi açyldy. Sungat ojagynyň Sergiler jaýynda açylan bu sergi Garaşsyzlyk döwrüniň täze eýýamynyň döredijilik ruhuny açyp görkezýär. Bu sergide ýerine ýetirilen taryhy ösüşlerini açyp görkezýän ajaýyp täze nakgaş eserleri halk köpçüligini ýatdan çykmajak duýgulara besledi. Çünki her bir eseriň mazmunynda Watan hakda ýaş suratkeşleriň köňül beýany syzylyp çykýar. Bu bolsa ajaýyp tebigatymyzyň gözel keşbi has-da janly pursada beslenýär.
«Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary» atly döredijilik sergisi Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgatdyr. Bu sergide Garaşsyzlygymyza bagyşlanan dürli öwüşginli eserler sergilenýär. Sungat eserleriniň üsti bilen biz ýurdumyzyň nähili uly menzilleri aşandygyny, medeniýetimiziň belentliklere galandygyny görýäris. Garaşsyzlyk nesilleriň kalbynda beýik ynam döretdi. Şol hem biziň taýsyz ösüşlerimiziň daýanjydyr. Garaşsyzlyk biziň sungat ojagymyzyň ýaş suratkeşlerine ylham joşgunyny berdi. Ýaşlaryň döredijilik dünýäsi halypa-şägirtlik mekdebiniň täsirinde barha kämilleşýär. Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatynda, sungatynda, medeni ösüşlerimizde ajaýyp döwrüň keşbi, belent waspy şöhlelenýär. Şundan ugur alsak, Garaşsyzlyk nesli — kalby buýsançdan, ylhamdan doly, döredijilikli nesil.
Sungat ojagymyzyň zehinli talyplarynyň biri Gülöwser Hojanepesowanyň «Türkmenistan bagy-bossan» atly nakgaş eseri sergimize aýratyn öwüşgin berýär. Gülöwser Hojanepesowanyň «Türkmenistan bagy-bossan» eseri 2026-njy ýylyň şygary bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen pelsepäni özünde doly jemleýär. Nakgaş eseriň merkezinde parahat we asuda ýaýlada gezip ýören behişdi bedewler şekillendirilipdir. Ak atyň öňe tarap okgunly gadamy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky batly menzillerini, geljege bolan uly ynamyny aňladýar. Ak mermerli binalar türkmen halkynda aýdyňlygyň, tämizligiň we mukaddesligiň nyşanydyr. Eseriň soňky meýilnamasynda görünýän ak mermerli binalar asuda asman we ýaşyl tebigat bilen utgaşyp, parahatçylykly ýurduň keşbini döredýär. Aşgabadyň dünýäde iň köp ak mermerli binalary bolan şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi, ýurdumyzyň bu ugurdaky uly üstünligidir. Täze gurlan Arkadag şäheriniň ak mermerli ajaýyp binalary bolsa, Türkmenistanyň binagärlik sungatynyň dünýä derejesindäki iň täze we iň kämil nusgasydyr. Eserde aýratyn orun tutýan Garaşsyzlyk binasy, Bitaraplyk binasy we beýleki binalar döwletimiziň sarsmaz binýadyny aňladýar. Bu binalar diňe bir mermer däl, eýsem daşda biten taryhdyr. Olaryň hersi Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň içinde ýetilen belent sepgitleriň subutnamasydyr. Ak kepderi bütin dünýäde parahatçylygyň simwolydyr. Zehinli talybymyz Gülöwseriň ak mermerli binalar bilen ak kepderileriň reňkini utgaşdyrmak arkaly, eseriň umumy äheňinde päkligiň we nuranalygyň agdyklyk etmegini gazanypdyr. Bu eser Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna we ýurdumyzyň döwrebap keşbine sungat arkaly goýlan ajaýyp sarpadyr. Bu sergide sergilenen nakgaşlyk, grafika, haly, zergärçilik, keramika, binagärlik, dizaýn sungatlarynda hem birnäçe eserler ýerine ýetirilipdir. Sungaty öwrenijilerimiz bolsa bu eserlere özleriniň çeperçilik seljermelerini berip, olaryň many-mazmunyny we sungat älemi üçin ähmiýetini giňişleýin düşündirýärler.
Garaşsyzlyk döwrüniň bedew batly gadamlary ýaş zehinleriň galamynda täzeçe beýanyny tapdy. «Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary» atly döredijilik sergide görkezilen her bir eser tomaşaçynyň kalbynda uly buýsanç we watansöýüjilik duýgularyny oýardy.
Jemal MEREDOWA,
Türkmenisatnyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 2-nji ýyl talyby