
News
785

2026-njy ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky çykyşynyň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp «Doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezligi» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklipleri hakynda söhbet edildi. Şeýle-de Türkmenistan Watanymyzyň dünýä halklary bilen alyp barýan medeni ynsanperwer dostlukly gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada giňişleýin beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli amala aşyran bu sapary halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli waka bolup, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda çuň mazmunly çykyşlar ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy