Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main page
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

ÝUNESKO: ýer ýüzinde talyplaryň sany soňky 20 ýylda iki esseden gowrak artdy

21.05.2026

863

ÝUNESKO: ýer ýüzinde talyplaryň sany soňky 20 ýylda iki esseden gowrak artdy

Soňky ýigrimi ýylda dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sany iki esseden hem artyp, 2024-nji ýylda 269 milliona deň boldy. Bu barada ÝUNESKO guramasynyň ýokary bilim ulgamyndaky ýagdaýlar barada nutugyna salgylanýan «Howar.tj» ýazýar.

Ýagny 146 ýurtdan toplanan maglumatlar esasynda taýýarlanan ylmy barlaglara görä, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň sany 2000-nji ýylda 100 million bolanlygyndan 2024-nji ýylda 269 milliona ýetipdir. Bu gün 18-24 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň 43 göterimi ýokary bilim alýar.

Daşary ýurtda bilim alýan talyplaryň sany-da bu döwürde üç esse artyp, 7,3 milliona deň bolupdyr, olaryň ýarysyna golaýy Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlarynda bilim alýarlar.

Nutuga görä, zenanlar dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň köplügini düzýär. Mysal üçin, 2024-nji ýylda ýokary bilim ulgamynda okaýan erkekleriň 100-sine 114 zenan düşüpdir. Emma zenanlar heniz hem doktoranturada ýeterlik orun almaýarlar we olaryň diňe dörtden bir bölege golaýy ylym, bilim ulgamynda ýolbaşçy wezipeleri eýeleýär.

Resminamada talyplaryň sanyny okgunly artmagynyň bilim ulgamyna agram salýandygy bellenýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim berlişiniň hilini gowulandyrmak, ilatyň sosial taýdan mätäç gatlaklary üçin bilime elýeterliligi giňeltmek, ýokary okuw mekdeplerini maliýeleşdirmegiň durnukly usullary tapmak möhüm bolup durýar.

Nutukda sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň bilim bermek işini özgerdýändigi bellenýär. Emma 2025-nji ýylda emeli aňy peýdalanmak dünýä uniwersitetleriniň diňe bäşden birinde resmi taýdan ornaşdyrylypdyr.

Çeşmesi: Turkmenportal

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address