
News
1899

2026-njy ýylyň 20-21-nji maýynda Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetinde (Russiýa Federasiýa, Tatarystan Respublikasy) «Bilim: hakykatlar we geljekki mümkinçilikler» atly XIV Halkara açyk mugallymçylyk forum geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory Baýram Bäşimowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary J.Ilamanowa we L.Geldiýewa hem girdiler.
Forumyň maksady bilimiň hilini ýokarlandyrmagyň esasy gory hökmünde bilim işgärleriniň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek meseleleri boýunça bilim ulgamyndaky öňdebaryjy alymlaryň we tejribeli mugallymlaryň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, milli we daşary ýurt pedagogik toparlarynyň innowasion tejribelerini umumylaşdyrmakdan ybarat boldy.
Forumyň işine Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň, Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň, Tatarystan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrliginiň, Russiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleriniň we kollejleriniň, şeýle hem Türkmenistan, Alžir, Belarus, Gazagystan, Tunis, Azerbeýjan, Wýetnam we Özbegistan döwletleriniň ylym-bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Forum Aýaz Gilýazow adyndaky Tatar drama teatrynda mugallymçylyk innowasiýalar we pedagogik bilim ulgamyndaky gazanylan üstünlikleriň sergisiniň açylmagy bilen başlandy.
Şondan soňra Forumyň açylyş dabarasy geçirildi. «Bilim: hakykatlar we geljekki mümkinçilikler» atly XIV Halkara açyk mugallymçylyk forumyň uly mejlisinde NDMU-nyň rektory Alfinur Galiakberowa, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň bilim we ylym ministriniň birinji orunbasary R.Muzipow hem-de Naberežnyýe Çelny şäher häkimliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary W.Harisow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory Baýram Begenjowiç Bäşimow forumyň guramaçylaryny we gatnaşyjylaryny onuň açylmagy bilen gutlap, hemmelere netijeli iş arzuw etdi.
Ol Türkmenistanyň ýokary bilimli pedagogik işgärlerini taýýarlamakda Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň uly goşandyny aýratyn belledi. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlary ýurdumyzyň bilim edaralarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Baýram Begenjowiç «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda taryhy bilimi kämilleşdirmegiň we ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň esasy ugurlary» atly çykyşynda taryhy bilimi ösdürmek, Türkmenistanyň bilim edaralary üçin pedagogik işgärleri taýýarlamak hem-de ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek babatynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berdi.
Forumyň işi «Mekdebe çenli we başlangyç bilimiň psihologik-pedagogik meseleleri we geljekki mümkinçilikleri», «Köp medeniýetli giňişlikde rus dili we edebiýaty», «Sanlylaşdyrma döwründe matematikany, fizikany we informatikany okatmagyň häzirki zaman çemeleşmeleri we tehnologiýalary», «Bedenterbiýe we durmuş howpsuzlygyny ösdürmegiň derwaýys meseleleri we geljekki mümkinçilikleri», «Üýtgeýän dünýäniň şertlerinde daşary ýurt dillerini okatmak», «Häzirki zaman taryhy bilimi: umumyrussiýa özboluşlylygyny kemala getirmek» atly bölümçelerde dowam etdi.
«Bilimdäki sanly tehnologiýalar» atly halkara seminarynda NDMU-nyň mugallymlary wirtual okuw sapagynyň modelini döretmegiň tehnologiýalaryny görkezdiler. Onda geljekki mugallymlar sanly simulýatoryň üsti bilen zerur pedagogik başarnyklary kemala getirmäge mümkinçilik alýarlar.
«Russiýanyň we Türkmenistanyň halk ertekileri boýunça wideomateriallary ulanmagyň usuly taraplary» atly tegelek stoldaky pikir alyşmalar örän mazmunly we işjeň häsiýete eýe boldy. Oňa bilermen hökmünde B.Bäşimow gatnaşdy.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary hem ylmy bölümçelerde çykyş edip, özleriniň ylmy işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdylar.
Türkmen talyplary bilen Baýram Begenjowiç Bäşimowyň geçiren duşuşygy Forumyň taryhyna aýratyn sahypa bolup ýazyldy.
Ol ýaşlara okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw edip, çuňňur hem-de berk bilim almagyň, ýokary medeniýetliligiň nusgasyny görkezmegiň örän möhümdigini aýratyn nygtady. Şeýle hem ýaşlaryň okuwlaryny üstünlikli tamamlanlaryndan soň Watanymyza ýokary bilimli hünärmenler bolup dolanyp, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýýan giň gerimli üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmalydyklaryny belledi.
Bu Foruma ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagy iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Elbetde, bu gatnaşyklar bellenen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegine ýardam berer.
Türkmenistanyň Milli bilim instituty