Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Olimp orta sport mekdebinde «Soňky jaň» dabarasy ruhubelentlige beslendi

27.05.2026

2055

Olimp orta sport mekdebinde «Soňky jaň» dabarasy ruhubelentlige beslendi

25-nji maýda ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhun bilen bellendi.

Şeýle dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebinde hem giňden geçirilip, onuň dowamynda 2025-2026-njy okuw ýylynda dürli sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde tapawutlanan okuwçylara we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşan mugallymlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle hem bu çäräniň dowamynda “Olimp” orta sport mekdebiniň uçurymlary tarapyndan taýýarlanan medeni we görkezme sport çykyşlaryna tomaşa edildi.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy esasynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, kämil, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda ösüp gelýän ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Mekdebi tamamlaýan ýaşlar üçin täze durmuşyň başlangyjy bolan bu dabaranyň Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Çärä gatnaşanlar döredilýän şeýle uly mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Güljahan AMANOWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport

baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”

orta sport mekdebiniň mugallymy

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address